Berdi KERBABAÝEW
(15.3.1894- 27.08.1974)
Berdi Kerbabaýew 23.7.1974-de Aşgabat oblastynyň Tejen raýonynyň Gowkuzereň obasynda dogulýar. Ol türkmen sowet ýazyjysy, dramaturg, jemgyýetçilik işgäri; türkmen sowet edebiýatynyň başyny başlanlaryň biri. 1948 ýyldan kommunistik partiýanyň agzasy bolýar. Türkmenistanyň halk ýazyjysy (1967), SSSR-iň Döwlet baýragynyň 2 gezek laurety (1948, 1951), TSSR-iň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň laurety (1970), TSSR Ylymlar Akademiýasynyň akademigi (1951), Sosialistik zähmetiň gahrymany (1969), TSSR-iň sungatda at gazanan işgäri (1943), TSSR ýokary Sowetiniň deputaty (2—7 ça- gyrylyşlar).
B.Kerbabaýew daýhan maşgalasynda dogulýar. Ol ilki oba mekdebinde, soňra Kaka, Tejen, Buhara medreselerinde okaýar. 1919 ýylda Gyzyl Goşuna goşulýar. Ol magaryf sistemasynda, wolispolkomda, başga dürli wezipelerde, 1924—27 ýyllarda «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasynda işleýär. 1927 ýylda Leningradyň Gündogary öwreniş institutyna okuwa girýär. 1942—50, 59—62, 65—74 ýyllarda TSSR Ýazyjylar soýuzynyň prawleniesiniň başlygy bolup işleýär.
B.Kerbabaýew döredijilik işine 1923 ýylda başlaýar. Ol şol döwürden başlap, W. I. Lenine, Sowet hökümetine, sosialistik gurluşyga, Gyzyl Goşuna, aýal-gyzlar azatlygyna, ylym-bilime, azat zähmete bagyşlap onlarça goşgular we poemalar döredýär. Olaryň arasynda «Gyzlar dünýäsi» (1927), «Dakylmak» (1928), «Ýaz möwsüminde bir gözel» (1929), «Kepän dodak» (1929), «Amyderýa» (1929) ýaly poemalary bar. B.Kerbabaýew şol ýyllarda edebiýatyň proza, dramaturgiýa žanrlary bilen hem iş salyşýar, hekaýalar, oçerkler, powestdir pesalar döredýär. Olardan «Obada bolan waka» (1926) hekaýasyny, «Tiryekkeş we tebip» (1928) pesasyny, «Hakykat» atly oçerkler ýygyndysyny (1931) görkezmek bolar. Onuň ilkinji eserlerinde rewlusiyasyna, W. I. Lenine bolan söýgi, Türkmenistanda Sowet häkimiýetinis dabaralanyşyny görkezmek, öň yzda galan halkyň ýer-suwdan paý alyp, sowatlylyk ugrundaky göreşi, kollektiwizasiýanyň ähmiýeti we könäniň zyýanly däp-dessurlaryny tankytlamak ideýalary öňe sürülýär.
30-njy ýyllarda Kerbabaýew bir topar goşgy, hekaýa, powest («Kim ýeňdi?», «Adat dälmi?» ýaly goşgulary. «Nepes», «Gabanjaň ene» ýaly hekaýalary, «Baýram», «Batyr» ýaly powestleri) döretmek bilen birlikde türkmen sowet çagalar edebiýatyna degişli «Kim bilmeşek?» diýen kitabyny çykarýar. Şol ýyllarda Kerbabaýew dünýä we rus edebiýatynyň görnükli wekilleriniň birnäçesiniň eserlerini türkmençä geçirýer. Olaryň arasynda M. Gorkiniň «Ene» romany, L. Tolstoýyň «Hajymyrat» powesti, M. Şolohowyň «Göterilen tarp» romany, Woýniçiň «Gegeýin» eseri, A. Gaýdaryň hekaýalary bar.
1940 ýylda Kerbabaýewiň meşhur «Aýgytly ädim» romanynyň birinji kitaby çapdan çykýar. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda onuň döredijiligi watançylyk temasyna bagyşlanýar. Onuň şol döwürde döreden eserlerinde frontuň we tylyň edermenleri wasp edilýär «Gurban Durdy» diýen powest—hronikasynda Sowet Soýuzynyň Gahrymany Gurban Durdynyň söweş edermenligi beýan edilse, «Aýlar» poemasynda türkmen gyzynyň duşmana bolan gahar-gazaby görkezilýer. «Doganlar» dramasy-da, «Komissar Geldiýew» oçerki-de duşmany ýeňmek maksadyna ýugrulandyr.
Urşdan soňky ýyllarda Kerbabaýewiň döredijiligi has ösýär. Ol edebiýatyň dürli žanrlaryndan onlarça eser döredýär, dünýä we SSSR halklarynyň edebiýatlaryndan ençeme eseri türkmen diline geçirýär (M. Ibragimowyň «Ol gün geler» romany, Musa Jeliliň goşgulary, Omar Haýýamyň rubagylary we ... Ol «Aýgytly ädim» trilogiýasyny ýazyp gutarýar. Onda türkmen halkynyň azatlyk we özbaşdaklyk ugrundaky göreşi, rus rewolýusionerleriniň halkyň aň-düşünjesiniň ösmegindäki uly işi, interwensiýa we graždanlyk urşy, ýurtda Sowet häkimiýetiniň berkarar edilişi çeper beýan edilýär. Onuň bu romany 1948 ýylda SSSR-iň Döwlet baýragyna mynasyp boldy. «Aýsoltan» powesti ýazyjynyň «ak altyn» ussatlaryna bagyşlap ýazan eserleriniň iň görnüklisidir. Türkmenistanyň pagta, nebit ýaly baýlyklaryna bagyşlanan eserlerinde ýazyjy türkmen halkynyň ösüp ýeten derejesini her taraplaýyn çeper suratlandyrmagy, Aýsoltanyň, Begenjiň azat zähmet netijesinde ýeten uly bagtyny olaryň ruhy taýdan ösüşi bilen baglanyşdyryp görkezmegi ussatlarça başarypdyr. Onuň bu eseri hem 1951 ýyl-da SSSR-iň Döwlet baýragyna mynasyp boldy.
Türkmenistanyň rewolýusiýadan soňky keşbini çeper suratlandyrýan eserleriniň arasynda onuň «Nebitdag» romany has-da saýlanýar. Gumuň jümmüşinde—häzirki Wyşkada nebit çykarmak ugrundaky göreş, Gumdag, Barsagelmez ýaly ýerlerde nebitli gatlaklaryň özleşdirilişi bu eserde real berlipdir. Nebitdagyň gazaply tebigatynda Toýjanyň, Nurjanyň, Aýjanyň, Atabaý hem Tagan aga dagynyň erjellikleri, edermenlikleri eseriň süňňüne siňipdir.
Kerbabaýew ömrüniň tä soňky günlerine çenli öz çeper döredijiligi bilen halkyna hyzmat etdi. Onuň «Gaýgysyz Atabaýew», W. I. Lenin adyndaky Garagum kanalyna bagyşlap ýazan «Suw damjasy—altyn dänesi» romanlary munuň aýdyň şaýadydyr. Onuň «Suw damjasy—altyn dänesi» romany hakykatda «Aýgytly ädim» romanynyň logiki dowamydyr. Ol ýerde Artygyň, Aşyryň, Mawynyň we «Aýgytly ädimdäki» beýleki gahrymanlaryň agtyk-çowluklary hereket edýärler. Rus-türkmen, beýleki sowet halklarynyň doganlyk dostlugy, olaryň el-ele berip, bir maksat ugrunda göreşişleri bu eserlerde dogruçyl, real, aýdyň görkezilýär.
Ussat ýazyjynyň eserleri sowet halklarynyň, şeýle hem daşary ýurt dilleriniň ençemesine terjime edildi. Sowet edebiýatynda onuň ady A. Fadeýew, M. Şolohow, O. Gonçar, S. Aýni, M. Auezow ýaly görnükli ussatlaryň atlary bilen deň hatarda durýar. Ol 3 gezek Lenin ordeni, 3 sany beýleki ordenler, medallar, şeýle hem TSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň Hormat hatlary bilen sylaglandy.
(Türkmen Sowet Ensiklopediýasy. T.4 s.304)
Rus hatyndan latynça geçirip gaýtadan ýygan: Akmyrat Gürgenli
TSE. Bu maglumatynda ýazyjynyň 3 gezek Staliniň jellatlary tarapyndan tussag edilişi, Daşkent türmesiniň garaňky jaýlarynda eneçeme ýylyny ötürendigi hakynda kelam agyz gürrüň gozgalmaýar. (AG)
wepaly dost bolsun,eliňi ber maňa
ReplyDeletedoslugy men täç ederin başyma
jan dileseň gaşym çitmän biýrn saňa
dostluk rowaçberer bütin işime
dostluk çynadamyň sewer jorasy
hakyky dostlugyň sönmez çyrasy