Dr.Ahmat Garadaglyny ýatlap
(1901-1977)
Türkmenleriň medeni serdarynyň aradan
çykmagynyň 33-nji ýylyna bagyşlanýar
Akmyrat Gürgenli
Ahmat Garadagly 1901-nji ýylda häzirki Türkmenistanyň çäklerinde ýerleşýän Esenguh obasynda orta ýagdaý bir maşgalada dünýä inýär. Dädesiniň ady Älke, ejesi bolsa Bag¬tygül, ol bu är-aýalyň ikinji ogly. Ahmat 5-6 ýaşlaryndaka, Äalke Ha¬jy Eýrana geçip Kümüşdepede ýerleşýär. Ahmat özünden uly agasy Arazgylyç bilen bile, hem mekdebde okaýar hem-de iş¬läp öýlerine ýardam edýär.
Älke Hajy dindar adam bolarny üçin ogullaryny molla berýär, olaryň ikisi-de din sapaklaryny alyp arap dilini-de öwrenýär¬ler. Ahmat 24 ýaşyndaka daýysy Söýünjalynyň gyzy Annabagta öýlenýär. Olaryň 1926-nji ýylda bir ogly bolýar. Onuň adyna Hajymuhammet dakýarlar.
Ahmat 1927-nji ýylyň maý aýynda Kümüşdepeden Türkiýä okuwa ýola düşýär (Nazdurdy Ýomut bilen bile). Ol ilki Trabzonyň mugallymçylyk mektebine ýollansa-da, öz talaby bilen (şol ýyl) Konýadaky mugalllmçylyk mektebine geçýär. 1932-nji ýylda bu mektebi gutarandan soňra ol. Ankararnyň Gazi lisesine iberilýär (Abdyrahym Ýomut bilen bile). 1935-nji ýylda bu lisäni gutaran Ahmat, şol ýyl İstanbul uniwersitesiniň medisina fakultetine girýär we 1941-nji ýylda bu fakulteti gutanp Almanýanyň Tübingen şäheriniň keselhanasynda hirurg-jerrah bolup işläp başlaýar.
1946-nji ýylda Türkiýä we 1947-nji ýylda-da Eýrana gaýdyp gelen Ahmat şol ýyl Eýranyň Fars welaýatynyň merkezi bolan Şiraz şäherine işe ýollanýar. Soňra ol, 1949-nji ýylda Kazerun we 1950-nji ýylyň ortalarynda Nişabur, 1953-nji ýylda Kümmetgowuz, 1974-nji ýylyň ortalarynda-¬da Gilan welaýatynyň merkezi bolan Reşt şäherlerinde işleýär. Reşt şäherinde işläp ýörka gör¬me-görşe Kümmede gelende Dr. A.Garadagly tussag edilip, 4 aýlap Gürgen şäheriniň zyndanynda saklaýar, soňra-da Ýezd we Maşhad şäherlerine sürgünge ýollanýar. Ol 1976-nji ýylda pensiýa çykarylýar. Dr Ahmat Garadagly 1977-nji ýylyň 11-nji aýynyň 22-si güni 76 ýaşyndaka, Gürgen şäherinde aradan çykýar we ol Kümmetgowuzda jaýlanýar. Ahmat dädemiziň ýatan ýeri ýagty bolsun.
A. Garadaglynyň Eýran häkimiýetleriniň gahar-gaza¬byna duçar bolmagy ýöne ýerden däldi. Ozaly bilen Tähran häkimiýetleri ýurtda azçylykda ýa¬şaýan halklaryň şol sandan türkmenleriň döwrebap okuwlarda okip-ýetişrneklerini islemeýärdi, ikin¬jiden-de Dr.Ahmat Garadagly Türkiýe we Almanýada okip-işläp ýören wagtlarynda-da, Eýrana gaýdyp baranda-da, milli-jemgiýetçilik işler bilen meşgul bolýar. Ol Türkiýäniň Magarif ministerlyginiň, asly gelip çykyşlary türki halklardan bolan daşary ýurtly okuwçylara berýän burslaryndan/stependiýalaryndan peýdalanyp, 1964-nji ýylda 15 sany türkmen gyzy Türkmensähradan, Türkiýäniň İstanbul şäherine okuwa ýollaýar. (Bu, Eýran türkmenlerinden Türkiýa okuwa gaýdan 2-nji uly kerwern boldy). Onuň bu milli işi Tahranyň gaharyny getiripdi.
Türkmen gyzlarynyň hemmesi, İstanbul şäheriniň dürli mekteplerinde okadylar, birnäçesi bolamasa, aglabasy öz okuwlaryny tamamlap ýa Eýrana gaýdyp, ol ýerde, ýa-da Türkiýe we Ýewropanyň dürli döwletlerinde işläp-hyzmat edip ýörler. Dr. A.Garadaglynyň başladan bu haýyrly işi soňraky ýyllarda-da dowam edildi.
Merhum Dr. A.Garadaglynyň bu haýyrly işinden, açan ýolundan peýdalanyp Türkiýede we Ýewroparuň dürli döwletlerinde okap ýetişen we işläp ýören türkmen aýdyňlary oňa "Eýran Türkmenleriniň Medeni Serdary" diýen at berip ony hemişe gowlukda ýatlap, minnetdarlygyny bildirýärler.
“Merhum Garadaglynyň bu haýyrly işine, Türkiýäniň şol wagtlarda Tährandaky ilçisi bolup işlän we soňra, Watikanda, Ermeni terroristleri tarapyndan urlyp öldürilen merhum Taha Jarm,yň, ondan soňraky başilçi, edermen adam Nejdet Kent,iň, şeýle-de ilçyhananyň müsteşar-sekretarlary İlhani Müren,iň, İbrahim Dijlelin,iň, attaşelerden Ali Haýdar Diriözi,niň, Mehmet Turhan Deniz,iň, İbrahim Göktürk,iň we beýlekileriň görkezen ýardamlarnyň uly bolanldygyny agzap, hemmesine minnetdarlyk bildirmek borjumyzdyr, Dr. Ahmed Garadaglynyň Eýranda alyp baran şeýle mukaddes işine Türkiýeden Nazdurdy Ýomut bilen Abdurrahym Ýomudyň-da degerli ýardamlarynyň bolanhdygyny bu ýerde agzap geçmegimiz gerek.” (Dr.M.Kylyç)