Dilime guwanýaryn, ýok onuň çaky,
Ýeke-täk myrasdyr enemden baky,
Hiç haçan hiç zada çalşyp bilmen,
Bu meniñ baýlygym, ýüregimdäki baky.
Dädebaý Allabaýew
Dilleriň ölmegi bilen öz kimligini
ýitirýän halklaryň sany-da barha artýar
Nobel edebi baýragynyň eýesi Mekzikaly ýazyjy Ostavo Peziň aýtmagyna görä ölen her dil bilen adamzadyň bir keşbi öçýär. Diller we şonuň bilen birlikde bir halkyň kimliginiň saldamly bölegi geçen asyrlarda hiç haçan häzirkisi ýaly beýle çalt ýitip gitmändi. Mysal üçin mundan 10,000 ýyl ozal ýer ýüzünde 1 million çemesi ynsan ýaşaýarka 15,000 dil bolupdyr. Häzirki wagtda bolsa alymlaryň çaklamalaryna görä ýer ýüzündäki dilleriň sany 7000 töweregi, geljek 100 ýylyň dowamynda bularyň hem üçden biri ýogalyp gitjek. Käbir alymlaryň çaklamalaryna görä dilleriň ýüzden 90-sy ýitip gitjek. Düsseldorf-niň Heinrich-Heine adyndaky uniwersitetiň dilçi alymy Dieter Wunderlich-yň pikriçe “aman galjak dilleriň sany diňe 600”.
Herniçik-de bolsa, bir zat mese-mälim. Ol hem— tutuş dünýäde dilleriň bir syýhylly ýogalyp gelýänligi. Bilermenler muny azlykda ýaşaýan milletleriň agalyk sürýän režimler tarapyndan ala tutulmagy bilen düşündirýärler.
Has-da beteri, Awstraliýa kontinentinde dilleriň ölüp aradan gitmegi diýseň aýlyganç. 18-nji asyryň aýagynda ol ýerdäki dilleriň sany 250 bolan bolsa, bu gün diňe 25. İň pajygalysy-da “Jaminjung” dili. Bu dilde gürleýänleriň sany diňe 4 adam. Demirgazyk hem latin Amerikada-da Gyzyl derileriň dilleri, agalyk edýän kloniýal güýçler tarapyndan yzygiderli basgylanyp geldi. Mysal üçin Guatemalada bolşy ýaly köp hökümetler uzak wagtlap diňe bir resmi dile rugsat etdiler. Bu kontinentde beýleki dilleriň ýogalmagyna sebäp bolan ýewropa dilleri afrikada bolsa ýerli dil beýlekileri ýuwudýar. Şeýlelikde bu ýerde 1000 dilden häzir 220 dile çynlakaý ölüm howpy abanýar.
Bir diliň ölmegi bilen şol dilde gürleýän adamlaryň taryhy hakda hem maglumat edinmek mümkinçiligi-de ýitirýär. Filosof Johan Gottfried von Herder-iň 18-nji asyrda belleýşi ýaly «Bir halkyň heý öz ene dilinden başga mährem, eziz zady bolarmy? Olaryň däp-dessury, taryhy, dini, durmuş prensipleri, pikir baýlyklary, ýüregi, ruhy, barja zady şonda ýaşaýar ahyryn.»
Akmýrat Gürgenli
No comments:
Post a Comment