Tuesday, November 30, 2010

Türkmenistandaky diktarorçylyk

Türkmenistan
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk
Guramasyna agza ýurtlarynyň arasynda
«iň ýaramazlardan» biri
OSCE Rapporteur’s Report on Turkmenistan
30.11.2010
“Freedom Now” halkara guramasy ÝHHG-a agza ýurtlary adam hukuklary bilen bagly borçlaryny ýerine ýetirmäge we syýasy tussaglary boşatmaga çagyryp, press-reliz ýaýratdy.
Bu press-relizde Gazagystanyň, Özbegistanyň hem Türkmenistanyň ÝHHG-niň agza ýurtlarynyň arasynda adam hukuklarynyň bozulmak derejesi boýunça iň erbetleriň hatarynda durandygy aýdylýar.
Press-relizde aýdylmagyna görä, Türkmenistanyň hökümeti Annagurban Amangylyjowy we Sapardurdy Hajyýewi bikanun tussag edipdir.
Bu maglumatlara görä, türkmen resmileri bu aktiwistleri daşary ýurtly žurnalistlere hökümeti tankytlaýan dokumental filmi surata düsürmäge kömek berenlerinden soň tussag edipdirler.
(Azatlyk Radiosy)
*****************
Ýeri gelende aýtsak ýokarda ady agzalan žurnalistler bile tussag edilen Ogulsapar Myradowa türkmen türmesinde näbelli ýagdaýda aradan çykypdy.

No comments:

Post a Comment