Halypa bagşy Sahy Jepbarowyň
aradan çykanynyň 33 ýyllygyna
Oglan bagşy lakamly meşhur Sahy Jepbarow türkmen halk aýdym-sazynda uly özegerşik getirdi. Onuň bitiren bu hyzmaty bahasyna ýetip bolmajak hazyna bolup milli sungatymyza eriş-aragaç bolup siňdi.
Sahy aga 1905-nji ýylda Gökdepäniň Ýaň-gala obasynda dogulyar. Ol eýýam 1938-nji ýylda Türkmenistanyň “Halk artisiti” diýen hormatly ada mynasyp bolupdyr we bütin ömrüni türkmeniň milli sungaty bolan aýdym-sazyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin ençeme döwlet baýragy bilen sylaglanýar. Sahy bagşy 1977-nji ýylyň 18-nji awgustnda aradan çykyar. Ýatan ýeri ýagty bolsun.
**************
Sahy bagşynyň Kümüşdep we Kümmetgowza gelişi hakynda
Ýaşkam bir ýaşulynyň Oglan bagşy hakynda aýdan şu gürrüňi henizem ýadymda. Ol şeýle gürrüň beripdi:
Ýigit ýaşymdakam Kümüşdepä Türkmenistandan bagşylaryň gelendigini eşitdim. Birnäçe ýoldaş bolup, ýabymyza münip, niýredesiň K.Depe-diýip, ýola düşdük. Şol wagtlar K-depde Garatagy diýen guruply söwdigär bardy. Şäherde şeýle-de Çuwde diýen birsiniň uly ambary bardy, Garatagy bilen Çuwde, konsertiň şol ambarda geçirilmegi hakynda ylalaşypdyrlar. Agşam namazy okalandan soňra, adamlar Çuwde baýyň ambaryna öňüne üýşdiler. Barly adamlar jaýyň içinde ýerleşdi, biz ýalylar bolsa ambaryň daşyndan bagşylary diňlemeli bolduk. Bir bada “gelýär” diýen ses hemmeleriň üsüni bir tarapa sowdy. Görsek, bir ýaş oglan, rus harby eşikli orta ýaşly bir adam, ýene-de birnäçe wezipeli adam, jaýyň içine girdiler. Şol harby eşikli adam märekäň öňüne geçip, Hitler, ýoldaş Stalin, front diýp, bir zatlarý aýtdy welin, men-ä kän düşünmedim. Soňra 10-15 ýaşly ýigit dutaryny alyp aýdym aýtmaga başlady, öňde oturanlar: “Berekella oglan bagşy, aý sag bol” diýip, ony alkyşýardylar. Şonda ýaş bagşynyň adynyň Sahy Jepbardygyny bilip galdym. Soňra Sahy bagşy Gürgen ýakasy Omçaly obasynda-da konsert berdi. Uly ak öýüň içinde geçirlen konserti, aýallar-da öýüň daşyna halka gurup diňlediler. Bagşy Türkmenleriň uly şäheri Kümmetgawuz-da konsert beripdir-diýip şol ýaşuly gürrüň beripdi.
Şondan ençeme ýyl soňra, 1985-nji ýylda Tehranda milli arhiwda ylmy işler bilen meşgulanyp ýörşime geň bir dokumentiň üstünden bardym. Onda 1940-njy ýyllarda Eýranyň Gürgen şäherinde SSSR-iň konsul bolup işlän, tükmen diplomaty Kylyç Kulyýew, 2-nji jahan urşy döwründe, Sowet hökümetini propaganda etmek üçin, bagşylar Sahy Jepbar bilen Nurjemal Adyýewany, Etrek-Gürgen Türkmenleriň arasynda getirip, konsert berendirendigi hakynda maglumat berilipdir. Kylyç Kulyýewiň beýle işlerini, Eýranyň howpsuzlyk gulluklary ýiti yzarlap, onuň her bir hereketini, merkezlerine raport beripdirler.
Sahy aganyň Türkmen aýdym-sazyna bitiren hyzmaty, gadymy ýollary täzeden işläp, umumy düşüner ýagdaýyna getirendigi-de ýatlaýlyň.
***************
Kerim şahyryň ýatlamasyndan:
İň eziz dostlarymyň biriniň ömrüniň ahyrky günleri hakynda pajygaly bir pursaty ýatlajak bolýaryn. Ýazýaryn, bozýaryn. Ýene-de ýazýaryn. Emma şol pursatyň her bölejik sözi, her owunjak hereketi şeýle bir mukaddes weli, men olary bütin dogrulygy bilen kagyza geçirmegiň öňünde ejizländigimi boýun almalydyryn.
...Sahy Jepbarow ölüm ýassygynda ýatyrdy. Ýarpy göwresi ýsanokdy... Gapydan girdim. Men birbada özümiň gelmegime onuň begenendigine-de, gynanandygyna-da, biparhdygypa-da düşüpip bilmedim. Aýbogdaşymy gurdum-da, gapdalynda oturdym. Ol birden iki ýumrugynyda düwüp, ellerini iki gapdalyna tarpyldatdy. Ol şeýle bir güýçli tarpyldatdy weli, düşekçäniň içindäki pagtanyň tozany ak tütün ýaly asmana göterildi. Ol özüne zor salýp, bir zatlar geplejek boldy.
— Näme diýýäň , Sahy aga, näme diýýäň?
— Eliňi äber diýýär öýdýän — diýip, Bibi eje onuň sözlerini terjime etdi.
Ol bäş-on minut çemesi elimi eliniň içinde saklap ýatdy, owkalaşdýrdý. Birdenem şeýle bir mähir gatýşýklý birehimlik bilen (men başga laýyk söz tapamok) elimi gysdy weli, barmaklarym tas kül-owram bolupdy. Nähoş adamyň beýle gujurly eliniň bolup bilýändigine men ilkinji gezek sataşypdym. Ol ýene-de öňküsi ýaly düşnuksiz dilde bir zat-bir zat diýjek boldy.
— Sahy aga, näme diýýäň ?
— Meni dikeldiň diýýär öýdýän — diýip, Bibi eje ýene-de onuň sözlerini terjime etdi.
Ony üç bolup zordan göterdik-de, düşekçäniň üstünde oturtdyk. «Zordan» diýýänimiň sebäbi, biz ony ýokarýk göterjek bolýardyk weli, ol ýere dyzaýardý, çyrpynýardy, aýaklaryny äpet polat taýaklary ýaly tarpyldadyp urýardy... Dikeldip oturtdyk-da, bir topar ýorgan-düşekden onuň arkasyna direg ýasadyk.
Birden onuň dili açylyşdy. Düşnükliräk gepläp başlady:
— Haný dutar! Dutar, dutar!?
Men begenjimden böküp turupdyryn. Ogly Soltan dutar getirmäge beýleki jaýa ýüwrüp çykdy. Bibi eje guş bolup uçdy. «Şeýt ahyry, Sahy! Gepläber ahyry şeýt-de!» diýip onuň eliniň arkasyndan taýly gezek ogşady. Kiçijik otagyň içi ýagtylyp, giňäp giden ýaly boldy. Men bolsa onuň eliniň içindäki elimi emaý bilen goşaryna ýetirdim-de, pulsuny- gan damarynyň urşyny barlaşdýran boldum:
— Baý, baýew, entek bu ýürek ýigriminji asyryň içinde-hä togtajak ýürege meňzänok. Owlajýk ýaly hars açýar...
Bu sözler Sahy aganyň göwnünden turdy:
— Owlajyk ýaly hars açýar!.. Owlajyk... owlajyk! Ha-ha-ha! Bildiň şuny, şahyr, bildiň , bildiň . Owlajykdyryn... hawa, hawa, owlajykdyryn. Entek-entekler, baý, hars açaryn-a... Entek-entekler mälejekdirin...
Onýança-da dutardan ozal... wraçlar geldi. Biz daşarýk çykdyk. İçerden dutar sesiniň deregine wraçlaryň pyşyrdysy eşidilýärdi. Ertesi oný keselhana ýerleşdirdiler... Şondan soň men onuň bilen bir agyz hem gepleşip bilmedim. Ülkäni aňk eden dil geplemeden galdy.
...Ondan bäri esli mahal geçipdir. Men günortanlar tranzistoryň nurbatýný towladým. Oglan bagşynyň ýüregi hars açýardy... Mäleýerdi, mäleýärdi, mäleýärdi.
Kerim Gurbannepes: Tomus ýazgýlarý kitabýndan
* * *
Kerim Gurbannepes:GUÝMAGURSAKLYK HAKDA
Sahy Jepbarowa
Ýene dört asyrdan, bäş asyrdan soň
Tutulmaly bolsa bäş bagşyň ady—
Şol bäşiň birisi özuň bolarsyň,
Jepbar agaň zürýady.
Ýene on asyrdan, kyrk asyrdan soň
Tutulmaly bolsa üç bagşyň ady —
Şol üçüň birisi özüň bolarsyň
Jepbar agaň zürýady.
Ýene kyrk asyrdan, ýüz asyrdan soň
Tutulmaly bolsa bir bagşyň ady —
Şol bir bagşy seniň özüň bolarsyň
Jepbar agaň zürýady.
Ýene ýüz asyrdan, müň asyrdan soň
Dünýäden ýitäýse bar bagşyň ady —
«Bagşysyz ildenem il bormy?» diýip,
Böküp turar Jepbar agaň zürýady.
*******
Maglumatlary ýygnan: A.Gürgenli
No comments:
Post a Comment