Gelin
İşin goýup,uturup, surata bakýar gelin,
Tussagda ýatan ýaryn, gursagyna gysýar gelin.
Diýýär: "Länet günlere, bu düşümsiz dillere,
"Bigünä" diýip illere, ýaşyny dökýär gelin.
"Häzir bize zamana diýseň gaty ýaman" diýip,
"Nijeler mähnet içire, nije ondan aman" diýip.
“Ýigrim ýaşyň içinde, garyp başym duman" diýip,
Uzak ýola göz dikip, didara bakýar gelin.
Edmişine näme diýip, oýlananda bilenok,
Ajy zaman elinden, ýiten ýary gelenok,
Ýakyp giden çyrasy heniz bugüne sönenok,
El işinden ýag berip, lampany ýakýar gelin.
Onuň dokan halysy soňky göle ýetipdir,
Bir gün giden ýoldaşy gözlerinden ýitipdir,
Günler-aýlar dolanyp nije ýyllar ötüpdir,
Maýa ýaly çyrpynyp, çäresiz çökýär gelin.
Iki sanjak çagasy: "Atam" diýip soraýar,
Gelin: "Allaý-allaý" diýip, gulpaklaryn daraýar,
Daglar gary ereýär, baglarda gül-döreýär,
Sona guş deý söýgüläp,çagasyn öpýär gelin.
Dokap otyr uly halyny,uzak gije geçer diýip,
Parahat gün ýetişer, ýaman günler öter" diýip
Garaňky kümämize güneş nuryn seçer diýip",
Mylgyp duran surata, gaýtalap bakýar gelin.
Häzir geler ataňyz, sabyr kylyň çagalar,
Azat edr ataňyz, at götören agalar,
On barmagym sag bolsa, hassa halym sagalar,
Şeýle diýip, halyny ögderäk çitýär gelin.
Settar
No comments:
Post a Comment