Tuesday, October 26, 2010

Ýaşasyn Erkana Türkmenistan

Türkmenistan döwletiniň 86 ýaşy gutly bolsun!

Türkmenistan döwletiniň düýbüni tutanlar: soldan
N.Aýtakow-G.Atabaýew-H.Sähetmyradow

Baryp 86 ýyl mundan ozal, 1924-nji ýylyň 27-nji oktiýabrynda Gaýgysyz Atabaýewiň, Nedirbaý Aýtakowyň...göreşleri netijesinde ilkinji gezek ýer ýüzünde TÜRKMEN halkynyň adyna bir döwlet emele geldi. Rus şounistleri diktoar Staliniň ýolbaşçylygynda halklaryň öz-erkin herket etmegine çydam edip bilmän, tru başdan olary Moskwa örkledi, biraz soňra bolsa, erkin pikir edip bilýän liderlerimiziň başyna ýetdi. Şeýlelik bilen 70 ýyldan gowrak Moskwa ýurdumyz talap geldi.
Türkmenistan döwletiniň döredilendigi jar edilen gurultaý şu binada geçirildi. 1924
1991-nji ýylyň awgust aýyndan başlap, SSSR diýen düzgün dargap ugrady, onuň düzümindäki 15 döwlet özbaşdak bolmak ugrunda hereket edip, öz garaşsyzlygyny jar edip başladylar, emma Türkmenistanyň şol wagtky kommunist partiýasynyň lideri S.A.Niýazow garaşsyzlygyň garşysyna çykyş etdi. 91-nji ýylyň mart aýynda referandom geçirdip, biz SSSR-iň düzüminden çykjak däl diýip, halkyň adyndan ýalan sözledi, ahyry Gorbaçow wezipesinden çekilip, SSSR-iň dargandygynyh yglan edenden soňra ýeke başyna galan Türkmenistan çäresiz garaşsyzdygyny yglan etmeli boldy. Ýöne ýaranjaňlar garaşsyzlygy alyp berenlikde Niýazowy hudaýa meňzetdiler. 17 ýyllap, halkyň başyna, malyna-milkine, namysyna musallat bolan “Türkmenbaşy”nyň hem möwridi ötüp,ol dünýäsini täzeledi. Gezek, ondanam beter öwünjeň, suratyny her yerde asdyryp ýören, kakasynyň we atasynyň adyna mejitdir mekdep biba etdirip ýören, ozal sýyasy arenasynda tejribesi bolmadyk Gurbanguly Berdimuhammedow diýen diş doktora ýetdi.
Garaşsyzlygyň şu geçen 20 ýyl çemesi döwründe ýekeje söz bilen aýdylanda halkyň maddy hal-ýagdaýy aşa pesledi. Ýurtda neşekeşlik, jelepçilik, parahorlyk ýetjek derejesine ýetdi. Halkyň sowat, saglyk we sosýal üpjünçilik ýagdaýy gaty peseldi. Onuň ýerine gerekmejek binalar toplumy bina edilýär.

Biz dünýä türkmenleri öz adymyza bir watanyň bardygyna guwanýarys. Biz baýdagymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň binasynda beýleki garaşsyz döwletleriň hatarynda galgadyp durandygyna begenýäris hem büýsanýarys. Bu erkena döwletde hem ýürdüň içindäkileriň bol-elinlikde ýaşamagy hem-de Türkmenistan döwlet baştutanlary Eýranda we Owganystanda keseki döwletleriň elinde horlanyp gelýän doganlaryň hemaýat goluny uzadyp, halkara syýasy gatnaşyklarda olara köpräk üns bermegini arzu edýäris.

Ýaşasyn erkana Türkmenistan, ýaşasyn türkmen halky.

Akmyrat Gürgenli
26.10.2010



No comments:

Post a Comment