Friday, October 29, 2010

Doganlyk Türkiýede jemhuriýet joşguny

Türkiýe jemhuriýeti 87 ýaşaynda
Türkiýäniň milli güni gutly bolsun!



1923- nji ýylyň 29-njy oktiýabrynda Türkiýede jemhuriýet düzgüniniň jar edilen günüdir. Ol ýurt möçberinde dabara bilen bellenýär. Her ýyl jemhuriýet düzgüniniň yglan edilen 28 - 29 oktiýabr günleri “Jemhuriýet Baýramy” hökmünde şowhunly dabaralar bilen gutlanýar.

Jemhuriyetden öň Osmanly İmparatorlygy bardy. Osmanly Döwleti, Osman Beg tarapyndan 1299-njy ýylda ”Sögüt”'de esaslanypdy. Osmanly döwletini patyşa dolandyrýardy. 624 ýylda Osmanly Döwletini, 36 patyşa dolandyrdy. Iň soňkusy bolsa Soltan Wahdetdindir.

1914-nji ýylda Birinji Dünýä Urşy başlandy. Osmanly döwleti, Almanyň ýarany hökmünde urşa goşuldy. Dört ýyl dowam eden urşuň soňunda Almanlar we olaryň ýarany ýeňildi. Urş düzgünine görä ýeňlilen ýurtlar, ýeňler tarapyndan basylyp alyndy, şeýlelik bilen Osmanly Imperatory, İngilisleriň, Yunanlylaryň, Fransuzlaryň, İtalýanlaryň arasynda paýlaşyldy.

Halkyna bil baglan we onuň güýjüne ynanan Mustafa Kemal Paşa, 1919-njy ýylyň 19-njy Maý aýynda Samsuna gelýär. Erzurumda, Siwasda maslahatlar geçirýär. Mustafa Kemal Paşa "Ýeke-täk häkimiýet bar, ol-da Milli häkimiýetdir. Ýurdy ýene-de halkyň güýji halas edip bier" diýip, berk nygtaýar.

1920-nji ýylyň 23-nji iýul/julynda Ankarada “Büyük Millet Mejlisinde/ parlamentinde Mustafa Kemal Paşa, ýurt baştutany hökmünde saýlaýar. Mustafa Kemal Paşanyň ýolbaşçylygynda Büyük Millet Mejlisi Milli Azatediş Göreşini başladýar. Batyrgaý söweşlerden soň, yurt duşmanlardan halas edilýär. Patyşa bolsa yeňilen duşmanlar bilen bile ýurtdan gaçyp gidýär. “Lozan” Parahatçylyk Şertnamasy esasynda ýeni bir döwlet esaslanýar.

1923-nji ýýlyň 29-nji oktiýabrynda Atatürk, milletwekilleri bile duşuşandan soňra jemhuriýet düzgüniniň taslamasyny Büyük Millet Mejlisine hödürleýär. Mejlis bu teklibi kabul edýär.

Şeýlelik bilen Türkiýede jemhuriyet düzgüni esaslanýar. Atatürk gurulan Türkiýe Jemhuriyetiniň ilkinji Jemhurbaşlygyna saýlanýar.
Doganlyk Türkiýe Jemhuriýetiniň milli gününi tüýs ýürekden gutlaýarys.















No comments:

Post a Comment