Monday, October 11, 2010

Yene-de Ene kabe hakynda


Şenbe güni irden (09.-nji Oktoberda) Täze Ggül (Aguzy) Seýýdiý, Almanyň Düren şäherinde 78 ýaşynda aradan çykdy. Merhum1934-nji ýylyň 04-nji aprilinda (Şamsi ýylynda 1313) Türkmensähranyň Kümüşdepe şäherinde eneden dogypdy. Täze Gül Dr. Hudaý-Nazar Seýýdiýnyň maşgalasydy. Ondan bir ogul we bir gyz galdy. Täze Gül Seýýdiy Eýran ynkylabyndan soň ýurdy terk edip çykdy. Ol bosgunlykda agyr günleri başyndan geçirdi. Täze Gül ilden aýra düşsede soňky demine çenli „Ah urup ili gözledi“ we öz goşgylary bilen başyndan geçiren agyr günlerni beýan ederdi. Täze Gülüň aramyzdan gitmegi hasam daşary ýurtlarde ýaşaýan Türkmenleri gaty gynandyrdy we olar Dr. Hudaý-Nazar Seýdiý, ogly Nurjan we gyzy Bibijan bilen bu agyr derdi deñ paýlaşýarlar we olara sabyr dileg edýärler. Merhumyñ ýatan ýeri ýagty bolsun! Jaýy jennetden bolsun!

Merhum Ene käbäniñ (Täzegüliñ) dädesi Hajy han Oguzynyň tussag edilmegini, soňra ölümini eşidip goşan goşgusy:

“Üç ýaşymda äkitdiler atamy,
Dört ýyldan soñ ýok etdiler käbämi,
Şondan bäri meniñ çeken jepamy,
Aýdar bolsam daglar-daşlar ereýär.
Garyp başym dertler bilen ýöreýär.”
*******
Kümüşdepä bagyşlan goşgusy:


«Başlygymyz Nury Magtym, Gökleñi,
Hajy han, Gurban han, ol Kyýat hany.
Elýas ballym bilen ol Kerim jany,
Olary hem gutargyn hudaýym.

İñ yzyndan getirdiler Nepesi,
Dargandyr-da garadagyñ depesi,
Ol onda diýip, hassadyr, öñ hemmesi,
Hassa janym gutargyn hudaýym.

İki rejap atdaşyñ bolan adynyñ,
Ol Tagy, hemsaýa salnan Dawudyñ,
Ýykyñ kärhanasyn, için awydyñ,
Golunda ynsaby bolmaz çaýşygyñ.»
*****************

Agzalan atlar hakyndan:


Nury Magtym- Täçberdi gökleñ (intelligent)- Hajy han Oguzy- Gurban han (intelligent, tuda partyýasyna goşulan Araz Kyýadynyñ dädesi)- Araz Kyýady- Seheng Elýas Magtym- Kerim Muzafferi- Nepes Kemaly (Mämiýany, solçy topardan intelligent)- Hassa (türmeden outran dädesi)- Bir Rejep (Rejep ahun, beýlekisi Rejep Nazeri)- Gara Tagy Mämiýany (Osman ahunyñ döwründe aktiw rol oýnan)- Dawud (Gereýlerden, Hydyr Erjumendiñ dädesiniñ dogany, ol-da tussag edilipdi)- Çaýşyk (Yrza şadan maksat)
*******************










No comments:

Post a Comment