Türkmen şäheri Gürgeniň
taryhy barada kelam agyz söz
Gonbed-e Gabusuň hakyky ady GÜRGENDIR
مختصری درباره تاریخچه شهر تورکمنی گرگان
نام حقیقی گنبدقابوس، گرگان (گورگن) است
در این نقشه قدیمی جایگاه شهرهای آستراباد، جورجان (گرگان) و دهستان بطور مجزا نشان داده شده است
Baryp biziň eýýamymyzdan 3000-4000 ýyl öň, ilkinji taryhy çeşmerlerde şol sandan ýunanlaryň belli taryhçysy Heredotyň eserinde «Hirkany», «Girkany» ady bilen tanalyp gelýän Gürgen şäherimiziň ady Yrza şa Pähleviniň döwründe ogurlandy we ol Ästrabada berildi, şeýdibem gidip ýatan taryh galplaşdyryldy, wakalar bilgeşleýin bulaşdyryldy.
Türkmen topragy baslyp alnandan bir ýyl soňra 1926/1305–nji ýylda Yrza şa bu ýerlere gezelenje gelýär. Türkmensährany aýlanyp çykandan soňra ol Ästrabada barýar. Okap, ýazyp bilmeýän, sowatsyz patyşa bu şäheriniň adynyň manysy soraýar, ondan beter sowatsyz geňeşçileri: «gatyr abat قاطر آباد» diýýärler. [äster-gatyr] Emma onuň hakyky manysy «Ýyldyz abat» bolmaly [äster- latinçada- star- ýyldyz] Şäheriň belentlikde ýerleşenidigini nazara tutsaň onuň beýle bolmagy ahmal.
Gatyryň adyny eşiden sowatsyz Yrza şa: «Ýok, bu ady halamadym, şähere başga at tapyp dakyň» diýýär. Onda töweregindäkiler: «Türkmenleriň Gürgen diýen şäheri bar, ol ady alaýlyň» diýip maslahat berende, şah: «haladym, ol ady olardan alyň-da bu şähere dakyň, Türkmenleriň Gürgen şäherine bolsa Gonbed-e Gabus dakyň» diýýär. Şeýdip bu sebtiň taryhynda uly bulaşyklyk döredilär. Şondan soň Gürgeniň gadymy taryhyna degişli ähli waklar Ästrabadyň taryhyna berilýär. Ästrabadyň öz taryhynda bolup geçen wakalar-da ýene bu şähere (Ästrabada) degişli edilýär, şeýdip, Türkmenlere degişli wakalara olaryň taryhyndan alnyp başgalara berilýär.
Gürgen, Türkmen medeniýetiniň ojagydyr
Gürgen adynyň gelip-çykyşy: Ähli Türki halklaryň şol sandan Türkmenleriň mifologiýasynda (hemasy dastanlarynda) Gurduň uly rolunyň bardygy hemmelere mälim bolsa gerek. Rowaýatlara görä, Gurt, Türkleriň nesilbaşy bolan çagany öz penasynda saklap, soňra olaryň «Ergen kon»dan ata ýurtlaryna aşmagyna ýardam edip, ýol beledi boýlar. Şondan soňra Türkler baýdaklaryna gurduň kellesini nagyş edýärler. Gurt mukaddes saýylýar, hatta henizem «gurt ýüzi mübärekdir», täze çaga doganda «gurt tutduňmy, gutly bolsun», «gurt geldi, gut/mukaddes geldi» diýen nakyllar ýörgünli. Ýaňy ýakynlara çenli Türkmensährada gurduň dişinden hem tüýnden dagdan, doga-tumar edip çagalaryň boýnuna dakardylar… Gurt bilen baglanşykly aýdara zat kän ýöne temamyz bu däl.
Pars taryhçylary bu ýeriň adyny Gurt sözünden terjime edip onuň parsça görnüşini alyp göterdiler. Olar öz sözlerine delil getirip, hamana Heredot,da ol «Hirkan, Wereg» diýlip ýazylypdyr diýýärler, rus taryhçylary-da parslar ýaly oňa şeýle many biçipdirler. Aslynda, bularyň barysy toslanyp tapylan atlar, şol başda aýdyşymyz ýaly, Gürgen, biziň mifologiýamyzda güýçli rol oýnan Gurt adynyň terjime edilen görnüşidir.
Gürgen medeniýetiniň çäkleri
Öz adyny bu jülgäni suwdan gandyryp gelýäň akara/derýa beren [Gürgen derýasy] bu ýaýlada ägirt uly şan-şöhratly medeniýet döredi. Şadepede, Türeňdepede, Kümüşdepede we Narlydagda/Halat nebide ýerleşen şol medeniýetiň bir bölegi bize mälim edildi, heniz mälim bolman galan taraplary gaty köp. Şonda Gürgen ýaýlasynda 6-7 müň ýyllyk medeniýetiň bardygyna dünýä göz ýetirdi. Dünýä belli arhioloklar Amerikanly Wulsen, Swedenli J.Arne we başgalar gazuw işlerinde muny subut etdiler.
Gürgen ýaýlasy bilen Dah,laryň (häzirki Daz,laryň) ata-babalary ýaşan Dehistanyň aralygynda gadymy medeniýetiň galyndylaryny Türkmenistanly alymlar şol sandan prof. Ýegen Atagarryýev dagy ýüze çykardylar. Araplarda «g» harpy bolmansoň bu şähere Gürgen diýmegiň deregine «Jorjan» diýýärler. Orta asyrdaky çozuşlaryň ylaýta-da Mongollaryň hüjüminde Gürgen medeniýeti şol sandan häzirki Gürgen şäherimiz dargaýar. Soňra tebigi betbagytçylyklar¬¬–ýer yranmalar, suwuň joimagy we … şähir düýbünden diýen ýaly ýok etdi. Şeýdibem biziň gadymy Gürgen şäherimiz diňe ýykylman galan Kowus patyşanyň ýädigärligi zererly öz ömrüni dowam etdrip geldi. Men bu kiçijik makalada Gürgen şäherimiziň taryhy barada jikme-jik durasym gelenok-da onuň adynyň namartlyk bilen alnyp, Ästerabada dakylşy hakda durmakçy.
Gürgen adynyň deregine oňa Gonbed-e Gabus dakylmagy-da geň zat. Eger şu pikirden ugur alsak onda Tahrana-da «Gonbed-de Şehýad», Fransiýanyň paýtagty Parisa «Gonbed-e Eýfel» we ş.m dakylmaly-da. Ýa-da birsiniň kellesinde saç bolmasa, onuň adyna derek mysal üçin «Kel han» diýmelimi?!
Gürgeniň öz hak eýesine berilýänçä biz giň möçberde kompanýa/ gores alyp barmaly. Diňe şeýdilen ýagdaýynda bu ülkäniň hakyky taryhyny öwrenip bileris hem ony ebedileşdirip bileris. Ýöne häzir gynansagam obadyr şäher atlarymyzyň barha parslaşdyrylmagyna gerekli protesti/ nägileligi görkezip bilmän gelýäris. Bu babatda il arasynda sözleri geçýän Türkmen ahun-mollalarynyň paýyna köp zat düşýär.
Sözümi jemläp aýtsam,
Gonbed-e Gabusuň hakyky ady GÜRGENDYR
A.Gürgenli
No comments:
Post a Comment